Nýu-Jersiniň kenarynda syrly ýagdaýda 30-a golaý akulanyň läşi tapyldy

15.08.2026, 17:2911,548

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň kenarynda 29 sany öli katran (tikenli) akulasynyň üstünden baryldy. Haýwanlaryň läşi Si-Aýl-Siti şäheriniň takmynan, on kwartal uzynlygyndaky dynç alyş zolagynda ýaýrap ýatan eken diýip, ABC habar berýär.

Tapylan akulalaryň köpüsiniň göwrümi kiçi. Okeanolog Stiwen Nagiýewisiň aýtmagyna görä, katran akulalary, adatça, uly süri bolup ýaşaýar we Nýu-Jersiniň kenarlarynda ýygy-ýygydan duş gelýär. Hünärmen bu akulalar tötänden balykçylaryň toruna düşen bolmagy ähtimal diýen çaklamany öňe sürdi. Şondan soň balykçylar olary täzeden deňze goýberen bolup biler, akym bolsa akulalary kenara çykaryp taşlandyr. Her niçiksi bolsa-da, olaryň ölüminiň anyk sebäbi häzirlikçe kesgitlenmedi.

Hünärmenler suwuň derejesiniň üýtgemegini hem ýene bir ähtimal sebäp hökmünde görkezýär. Tomusda katran akulalary kenara golaý gelýär we suwuň yza çekilýän wagtynda saý ýerlerde galyp bilýär.

Köpçülikleýin keselçilik baradaky çaklama entek tassyklanmady. Haýwanlaryň ölmegine getirip biljek beýleki sebäpler hem gözden geçirilýär.

Katran akulalary sebitiň kenarýaka suwlarynda yzygiderli duş gelýär. Nýu-Jersiniň häkimiýetleri bu wakanyň sebäplerini anyklamagy dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.