Bir, iki... boldy! Bu Lamborghini 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,4 sekuntda ýetýär

18.08.2026, 09:303,351
1 / 12

Italiýanyň Lamborghini kompaniýasy Revuelto SV gibrid superkaryny resmi taýdan tanyşdyrdy.

Super Veloce ýazgysy adatça brendiň iň ekstremal hem-de trek ýaryşlaryna niýetlenen görnüşlerini bezeýärdi. Bu gezek Sant-Agata-Bolonýezedäki inženerler, hakykatdanam, taryhy modeli döretdiler — bu brendiň henize çenli köpçülikleýin öndürilen iň kuwwatly we iň tiz ulagy hökmünde resmi taýdan ykrar edildi.

Revuelto SV modeliniň binýadynda üç sany elektromotor bilen bilelikde işleýän, kämilleşdirilen 6,5 litrlik atmosferaly V12 hereketlendiriji bar. Ulgamyň umumy kuwwaty 1065 at güýjüne we 1425 Nm aýlaw pursatyna ýetýär.

Adaty Revuelto bilen deňeşdirilende, täze motora 50 at güýji goşulan. Bu sepgide täze 7,3 kwt/sag göwrümli litiý-ion batareýasynyň kämilleşdirilmegi bilen ýetdiler. Inženerler maşynyň her 1,66 kg agramyna 1 at güýjüniň düşmegini gazandylar. Netijede, ulag butnaman duran ýerinden 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,4 sekuntda, 200 km/sag tizlige bolsa 6,7 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi 345 km/sag-dan geçýär.

Modeliň aerodinamiki dizaýny dolulygyna täzeden işlenildi: öňdäki täze splitter, üýtgedilen diffuzor we iki bölümli durnukly yzky gurnama (antikrylo) arkaly ulagyň ýere ýapyşma güýji ulagyň adaty wersiýasyndan 80% göterim artdyryldy. Ulagyň dolandyrylyşyny gowulandyrmak üçin GT3 ýaryş maşynlaryndan bolşy ýaly göçürilen, sazlanylýan amortizatorlar goýuldy. Şeýle hem, uglerod-keramiki tormoz diskleri (öňünde 420 x 40 mm, yzynda 410 x 32 mm) arkaly, sagatda 200 km tizlikde barýan maşynyň tormoz berleninde saklanma aralygy 110 metre çenli gysgaldyldy.

Ulagyň adaty toplumyna merkezi gaýkalary bolan Dromos diskleri (öňünde 20 dýuýmlyk, yzyndakylar 21 dýuýmlym) we Bridgestone Potenza Race R ýaryş tekerleri girýär.

Salonda ýeňilleşdirilen karbon oturgyçlar we uglerod süýüminden (karbondan) ýasalan gapy panelleri bilen üpjün edildi.

Bu superkar resmi taýdan tanyşdyrylmazyndan öň, Germaniýanyň meşhur Hokkenhaýmring ýaryş trassasynda köpçülikleýin öndürilen ulaglaryň arasynda iň tizi bolmagy başardy. Kompaniýanyň synag sürüjisi Marko Mapelli bir aýlawy 1 minut 41,6 sekuntda geçmegi başardy.

Täze ulag Lamborghini kompaniýasynyň esaslandyrylan ýylynyň hormatyna bary-ýogy 1963 nusgada çykarylar.

Modeliň ABŞ-daky başlangyç bahasy 741 172 dollara barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.