Oba ýerlerini ösdürmek, mätäçlere goldaw, deň mümkinçilik... Awazada demografik proseslere seredildi

Şu gün, 11:37233

Awazada «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi we onda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine seredildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

TDH-niň habar berşi ýaly, maslahatyň dowamynda demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy usullaryny uzak möhletli durmuş-ykdysady meýilnamalara ornaşdyrmak, ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň maglumatlaryny döwlet dolandyryşynyň maglumat binýadyny döretmek üçin ulanmak meselelerine seredildi. Maglumatlary ýygnamakda we işlemekde döwrebap sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Gatnaşyjylar demografik ösüş bilen zähmet bazarynyň ösüşiniň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmek meselesine hem aýratyn üns berdi. Şeýle hem «akylly» we «ýaşyl» şäher standartlaryny ornaşdyrmak, oba ýerlerini toplumlaýyn ösdürmek, eneligi we çagalygy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bagly işler maslahatlaşyldy.

Bilim ulgamy barada gürrüň etmek bilen, hünärmenler maýa goýumlary çekmegiň, innowasion usullary ornaşdyrmagyň we ýokary hünär bilimine elýeterliligi giňeltmegiň zerurdygyny nygtady.

Mundan başga-da, tebigatdan tygşytly we netijeli peýdalanmak, suw serişdelerini goramak hem-de ilaty howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşdyrmak, durmuş goldawyna mätäç raýatlary goldamak institutlaryny kämilleşdirmek we inklýuziw gurşawy ösdürmek meselelerine üns çekildi. Jemgyýetiň ähli gatlaklary üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň, ýaşuly nesil bilen ýaş nesliň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandyrmagyň sazlaşykly ösüşi üpjün edýän möhüm şertdigi bellenildi.

Gatnaşyjylar BMG-niň Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy we Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň hem-de milli kanunçylygy halkara kadalara laýyk getirmegiň möhümdigini nygtady. Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.