3 günde 9 oýun: Türkmenistanda V halkara teatr festiwaly badalga aldy

Düýn, 14:172,261

Şu gün Türkmenistanda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly açyldy. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň teatr toparlary gatnaşýar.

Sahna oýunlarynyň görkezilişi Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda geçiriler.

Tomaşaçylar üçin giriş mugt.

Festiwalyň açylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow onuň gatnaşyjylaryna gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutany teatr sungatynyň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

«Türkmenistanda bäşinji gezek geçirilýän halkara teatr festiwaly medeni diplomatiýamyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi» diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Prezident teatr sungatynyň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygyny we umumadamzat gymmatlyklaryny, dostlugy hem-de gözelligi dabaralandyrýandygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, festiwal döredijilik toparlarynyň arasynda tejribe alyşmaga, artistleriň we režissýorlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem tomaşaçylary dostlukly ýurtlaryň teatrlarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň çäklerinde görkeziljek sahna eserleriniň sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokary derejede görkezjekdigine, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini we ýokary bahasyny gazanjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Festiwalyň maksatnamasy:

6-njy noýabr

  • 14:30 — Türkmen döwlet gurjak teatry: Duşenbe şäheriniň Döwlet respublikan gurjak teatrynyň «Ajam ýurdunda Nowruz» atly sahna oýny (Täjigistan).
    16:00 — Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: Ilýas Omarow adyndaky Kostanaý welaýat gazak drama teatrynyň «Deňiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek» atly sahna oýny (Gazagystan).
    18:00 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: «Oguz söýgüsi» (Türkmenistan).
    19:00 — Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry: «Kärizgenler» (Türkmenistan).

7-nji noýabr

  • 10:00 — Türkmen döwlet gurjak teatry: «Asmandan inen ykbal» (Türkmenistan).
    15:00 — Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry: Buhara döwlet sazly drama teatrynyň «Melikäniň gözýaşlary» sahna oýny (Özbegistan).
    17:00 — Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: «Halk hakydasy» (Türkmenistan).
    19:00 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň talyplar teatrynyň «Leningrad günorta asmanyň astynda» sahna oýny (Russiýa).

8-nji noýabr

  • 14:00 — Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry: Goris şäheriniň Wagarş Wagarşýan adyndaky Döwlet drama teatrynyň «Abu Lala Maari» sahna oýny (Ermenistan).

8-nji noýabrda festiwala gatnaşyjylar Garagum derýasynyň kenarynda geçiriljek Hasyl toýunyň myhmanlary bolar. Festiwalyň ýapylyş dabarasy şol gün Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler.