Merkezi Aziýa we Azerbaýjan işgärleriň goraglylygyny hem-de zähmet bazaryndaky üýtgeşmeleri maslahatlaşdy

Düýn, 16:501,823
1 / 7

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy geçirildi. Çäre «Arçabil» myhmanhanasynda geçdi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy diýip, TDH habar berýär.

Foruma degişli ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Çäräniň esasy mowzuklary zähmet bazaryndaky üýtgeşmeler, sanlylaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň zähmet we durmuş hukuklaryny goramak meseleleri boldy.

Gatnaşyjylar tejribe alşyp, iş bilen üpjünçilik ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini, hünärmenleriň kämilleşdirilmegini, işgärleriň bähbitlerini goramak, zähmet şertlerini gowulandyrmak we durmuşy adalatlylygy goldamak işlerini ösdürmegi maslahatlaşdy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işinde sanly tehnologiýalary ulanmaga we işgärleriň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.

Forumda Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygy hem-de zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek barada maglumatlar hödürlendi. Halkara kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri iş bilen üpjünçilik we zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde sebitara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary Konfederasiýasynyň wekilleriniň aýratyn duşuşygy geçirildi. Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, tejribe alyşmagy we bilelikdäki işleriň geljegi uly ugurlaryny maslahatlaşdy.