«Beýik Getsbä» dahylly köşk $72 milliona satyldy

Şu gün, 09:20839
1 / 6

Nýu-Ýork şäheriniň golaýyndaky Long-Aýlend adasynda ýerleşýän taryhy Oheka köşgi 72 million dollara satyldy. Söwdada Gold Coast Property and Estate Management kompaniýasy ýeňiji boldy. Emma geleşik heniz gutarnykly tassyklanylmaga garaşýar.

Köşk 1919-njy ýylda nemes gelip çykyşly amerikan ykdysatçysy Otto German Kann tarapyndan gurdurylypdyr. Umumy meýdany, takmynan, 10 500 inedördül metre deň bolan bu köşkde 127 otag bar. Onuň gurluşygyna Kann şol döwürde 11 million çemesi dollar harçlapdyr. Bu mukdar häzirki wagtda 213 million dollar töweregidir.

Oheka köşgi kaşaň dabaralaryň we kabul edişlikleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülipdir. Puldaryň myhmanlarynyň arasynda Duglas Ferbenks we Çarli Çaplin ýaly meşhur artistler hem bolupdyr.

Bu köşk Frensis Skott Fisjeraldyň «Beýik Getsbi» romany bilen hem baglanyşdyrylýar. Çaklamalara görä, Kannyň guran dabaralary ýazyjyny romanyň baş gahrymany Jeý Getsbiniň kaşaň oturylyşyklaryny suratlandyrmaga ruhlandyran bolmagy mümkin. Ýöne Fisjeraldyň köşgüň özünde bolandygyny tassyklaýan maglumat ýok.

Kann aradan çykandan soň, köşk harby akademiýa hökmünde ulanylypdyr. Soňra bolsa onuň ýagdaýy ýaramazlaşyp, kem-kemden harabaçylyga öwrülipdir. 1984-nji ýylda gozgalmaýan emläk pudagynda işleýän telekeçi Geri Melius köşgi satyn alyp, ony dikeltmek üçin tas 40 million dollar maýa goýupdyr.

Häzirki wagtda Oheka myhmanhana we dürli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Köşgüň çäginde gezelençler guralyp, onda restoran we bar hem hyzmat edýär. Täze eýesi köşk bilen birlikde dört gatly ýaşaýyş toplumyny gurmak üçin deslapdan makullanan meýilnamany hem alypdyr.