Ispaniýanyň Deputatlar kongresiniň hemişelik deputatlar topary Premýer-ministr Pedro Sançesiň hökümeti tarapyndan hödürlenen ýaşaýyş jaýy hakyndaky iki kararyň ilkinjisini makullady. Resminamany 35 deputat goldady, 34-si bolsa garşy ses berdi.
Bu başlangyjy PSOE, Sumar, ERC, PNV, EH Bildu we Podemos partiýalary goldady. PP, Vox we Junts partiýalary bolsa resminamanyň kabul edilmegine garşy çykdy. Kararyň ykbalyny PNV partiýasynyň ýeke-täk wekiliniň beren sesi çözdi.
87 ýaşly zenanyň öýünden çykarylmagy bilen bagly waka tutuş ýurt boýunça nägilelikleriň döremegine sebäp bolupdy. Şol zenanyň ady bilen «Marikarmen dekretleri» diýlip atlandyrylan ilkinji karar 2030-njy ýyla çenli başga ýaşaýyş jaýy bolmadyk, durmuş taýdan goraga mätäç adamlary öýünden çykarmak baradaky karara girizilen gadagançylygyň möhletini uzaltmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem onda kärende töleginiň her ýylky ýokarlandyrylmagyny 2 göterim bilen çäklendirmek teklip edilýär.
Resminamada salgyt ýeňilliklerini bermek, käbir emläk-satuw amallary arkaly bikanun ýa-da esassyz girdeji gazanmagyň öňüni almak, şeýle hem durmuş taýdan goldawa mätäç we ilat üçin elýeter bahaly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksady bilen, 2 milliard ýewro çenli serişde bölüp bermek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ilkinji ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin 50 müň ýewro çenli göterimsiz karz bermek meýilleşdirilýär.
«Şu gün ses berişlige çykarylýan teklipler iň derwaýys talaplardyr. Köçä çykýan adamlara öý kaşaň görünmek üçin däl-de, adaty bir zerurlyk hökmünde gerek. Olar öz hukuklarynyň goralmagyny we döwlet tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň giňeldilmegini talap edýärler» diýip, ses berişligiň öňüsyrasynda geçirilen çekişmelerde Durmuş hukuklary we sarp edijileriň bähbitlerini goramak boýunça ministr Pablo Bustinduý belledi.
Kärende şertnamalarynyň möhletini awtomatik ýagdaýda uzaltmak boýunça ikinji karar bolsa deputatlar topary tarapyndan goldaw tapmady. PNV partiýasy onuň kärendä hödürlenýän ýaşaýyş jaýlarynyň azalmagyna getirip biljekdigini mälim edip, bu teklibi goldamakdan ýüz öwürdi.
Bir aý ozal bu iki kararyň kabul edilmezligi ýurtda köpçülikleýin nägileliklere sebäp bolupdy. Netijede, syýasy çökgünlik ýüze çykyp, parlament saýlawlaryny möhletinden öň geçirmek kararyna gelindi.
11-nji noýabrda Ispaniýada soňky 14 ýylyň dowamynda ilkinji gezek umumymilli derejede iş taşlaýyş geçirildi. Ýurtdaky iň iri iki kärdeşler arkalaşygy — UGT we CCOO, şeýle hem kärendeçileriň birleşmesi tarapyndan guralan bu nägilelik çäresine, takmynan, 4 million adam gatnaşdy.