Ispaniýada möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigi yglan edildi. Premýer-ministr Pedro Sançes ýaşaýyş jaý çökgünligine garşy göreşmek boýunça çäreleriň deputatlar tarapyndan ret edilmeginden soň parlamenti dargatdy.
Syýasy çökgünlik kärendeçileri goramak boýunça gyssagly kararlardan ýüz öwrülmegi bilen has-da çylşyrymlaşdy. Hökümet 2030-njy ýyla çenli adamlary öýlerinden mejbury çykarmagy wagtlaýyn togtatmagy we jaýlary hem-de otaglary gysga möhletli kärendesine bermegi çäklendirmegi teklip edipdi. Emma Konserwatiw Halk partiýasy, aşa sagçy «Vox» partiýasy we katalon «Junts» partiýasy bu başlangyçlaryň öňüni aldy. Oppozisiýa meseläni gadaganlyklar arkaly däl-de, ilkinji nobatda, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny artdyrmak arkaly çözmelidigini aýtdy.
87 ýaşly Marikarmen Abaskalyň ýaşaýan öýünden çykarmaga edilen synanyşyk jemgyýetçilik nägileliginiň has-da güýçlenmegine sebäp boldy. Ol kärendesine alan jaýynda, takmynan, 70 ýyl bäri ýaşaýardy we soňky 20 ýylyň dowamynda kärende töleginiň galdyrylmagyna garamazdan, öňki bahadan töleg edip gelýärdi. The Guardian gazetiniň maglumatyna görä, şol ikaradaky döwürde kärende tölegi 500 ýewrodan 2650 ýewro çenli (takmynan, 230%) ýokarlanypdyr. Abaskaly öýünden çykarmak baradaky wideolar jemgyýetde uly seslenme döretdi. Köpçülikleýin garşylyklardan soň, oňa bu jaýda ýaşamagyny dowam etdirmäge rugsat berildi.
3-nji oktýabrda Ispaniýanyň tas 50 şäherinde garşylykly ýörişler geçirildi. Guramaçylaryň maglumatlarynda olara, takmynan, 500 müň adamyň gatnaşandygy aýdylýar. Diňe Madridiň özünde 70 müň adam köçä çykdy. Olar açarlaryny şyňňyrdadyp, kärendeçileriň hukuklaryny has-da güýçlendirmegi we adamlary olaryň ýekeje ýaşaýyş jaýyndan çykarmagy gadagan etmegi talap etdiler. Nägile bolan raýatlaryň bir bölegi Puerta-del-Sol meýdançasynda çadyr gurundy.
Syýasatşynas Estefaniýa Molina meýdançada iň soňky gezek 2011-nji ýylda çagyr gurlandygyny belleýär:
Şol wagt «adamlar öý satyn alyp bilmeýändikleri üçin ýöriş geçirýärdiler». Indi bolsa sebäp «başga biriniň öýünde otag kärendesine almagyň hem mümkin däldigine» baryp diredi.

Şol bir wagtyň özünde häzirki hökümet premýer-ministr Sançese ýakyn adamlar bilen bagly korrupsiýa derňewleri bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Syýasatşynaslaryň pikirine görä, Sançes ünsi bu dawalar bilen bagly meselelerden sowup, jemgyýetçilik meselelerine gönükdirmäge synanyşýar. Onuň partiýasynyň reýtingi peselýär we saýlawlaryň netijesinde, Fransisko Frankonyň döwründen bäri ilkinji gezek, aşa sagçy güýçleriň hökümete girmegi mümkin.
Indi Sançes raýatlary saýlawda öz hökümeti bilen sagçy güýçleriň arasyndan haýsam bolsa birini saýlamaga çagyrýar.
Aslynda, nobatdaky parlament saýlawlary 2027-nji ýylda geçirilmelidi. Ýöne bolup geçýän ýagdaýlaryň netijesinde ispanlar indi 2026-njy ýylyň 29-njy noýabrynda ses bererler.