Türkmenistan Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň sebitara baglanyşygy bilen bagly başlangyçlary öňe sürdi

Şu gün, 14:201,587
1 / 4

16-njy noýabrda Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisiniň çäginde sebitara howpsuzlyk we özara baglanyşyk meseleleri boýunça Ikinji ministrler duşuşygy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň, Gündogar hyzmatdaşlygyna gatnaşyjy ýurtlaryň, Gara deňiz sebitiniň we Merkezi Aziýanyň wekillerini birleşdiren bu duşuşykda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag, energetika we sanly infrastrukturany ösdürmek, şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekili häzirki zaman şertlerinde ygtybarly ulag ugurlarynyň barha artýan ornuny nygtady hem-de halkara özara baglanyşygy ösdürmegiň sebit durnuklylygyny we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylara milli ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek we halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça ýurtda görülýän çäreler barada maglumat berildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen tarapy «Global Gateway» başlangyjyna we Hazarüsti ulag geçelgesini utgaşdyryş platformasynyň ösdürilmegine oňyn baha berdi. Şeýle-de Merkezi Aziýany, Günorta Kawkazy we Gara deňiz sebitini öz içine alýan bir umumy ulag giňişligini döretmegiň geljeginiň uludygy nygtaldy.

Geljekki işiň amaly ugurlary hökmünde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, üstaşyr amallary ýönekeýleşdirmek, sanly ulag resminamalaryny ornaşdyrmak we bökdençlikler ýüze çykan ýagdaýynda hereketleri utgaşdyrmak mehanizmini döretmek görkezildi.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapy hemişelik Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, açyk, ygtybarly we özara bähbitli halkara ulag gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Şol gün daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň daşarky aragatnaşyklar gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy dialogy pugtalandyrmagyň, ikitaraplaýyn gatnaşyklary institusional taýdan berkitmegiň we ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň wajypdygyny belledi. Şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.