17-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Aşgabada gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Parlamentara Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýewiň hem-de Assambleýanyň Baş sekretary Roberto Montellanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Wekiliýet Aşgabada «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat Maslahatyna hem-de onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen geldi.
Duşuşygyň dowamynda myhmanlar ýurduň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, durmuşa geçirilýän özgertmeler hem-de milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyny we deňhukukly dialogy öňe sürýändigi, şeýle hem ýurduň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, parlamentara dialogy berkitmekde bilelikde guralýan okuw maslahatlarynyň we çäreleriň möhüm ornuny nygtady.
Myhmanlar parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde halkara hukugy ilerletmäge gönükdirilen üçünji Aşgabat Maslahatynyň ýokary ähmiýetini belledi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar paýtagtda geçiriljek bilelikdäki maslahatyň ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.