Winsent Wan Goguň «Gülleýän kaştan» (Châtaigniers en fleurs) suraty çarşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby's auksionynda rekord derejede 190,4 million dollara satyldy.
Bu Sotheby's auksionlarynyň taryhynda bahasy boýunça ikinji sungat eseridir: rekord bir ýyl öň 236,4 million dollara satyn alnan Gustaw Klimtiň «Elizabet Ledereriň portreti» eserine degişli.
Wan Goguň iň gymmat suraty häzire çenli «Serwi agaçly bugdaý meýdanydy» — ol 2022-nji ýylda 117,2 million dollara satyldy.
Auksionlarda ýa-da hususy tertipde haçan hem bolsa resmi taýdan satylan iň gymmat sungat eserleriniň arasynda «Gülleýän kaştan» dokuzynjy orny eýeledi. Birinji orun awtory Leonardo da Winçi hasaplanylýan we 2017-nji ýylda russiýaly milliarder Dmitriý Rybolowlew tarapyndan Christie's auksionynda 450 million dollara satylan «Dünýäniň Halasgäri» (Salvator Mundi) eserine degişlidir.
Winsent Wan Gog «Gülleýän kaştan» suratyny 1890-njy ýylda Parižiň golaýyndaky Ower-sýur-Uaz obasynda çekipdir, ol ömrüniň soňky iki aýyny şol ýerde geçiripdir.
Bu surat häzirki wagtda aradan çykan argentinaly medeniýet howandarlary Karlos Blakýe we onuň aýaly Nelli Arýeta tarapyndan ýygnalan meşhur Blakýe-Arýeta kolleksiýasyndan söwda çykarylan 12 sany eseriň hataryna girýärdi.
Söwdalardan öň bu 12 suratdan ybarat sergi Londonda, Parižde, Taýbeýde, Gonkongda we Nýu-Ýorkda guraldy. Oňa 30 müňe golaý adam baryp gördi.
Şol bir wagtyň özünde, Sotheby's auksion öýi «Gülleýän kaştanyň» satuwynyň geçiriljekdigini söwdalara bary-ýogy birnäçe sagat galanda yglan etdi. Çünki ondan öň Blakýe we Arýetanyň mirasdüşerleri bilen XX asyryň birinji ýarymynda surata eýeçilik eden germaniýaly ýewreý, meşhur neşirýatçy Samuel Fişeriň mirasdüşerleriniň arasynda dawa turupdy.