19-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
TDH-niň habar bermegine görä, saparyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň Halkara howa Arkadag menzilinde resmi adamlar bilen söhbetdeşlik geçirdi. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ÝUNISEF bilen bilelikde guramagynda geçiriljek «Arzuw ganatlary» atly dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelenden soň, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisine görlen taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp, GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşykda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan parlamentarizm institutynyň ösdürilmegine berilýän ünse ýokary baha berilýändigini aýtdy we bu ugurda edilýän tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek baradaky çözgüdi goldandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem 16-njy noýabrda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň makullanandygyny we onuň kabul edilmeginiň GDA-nyň ýokary halkara abraýyny tassyklaýandygyny nygtady.
Öz gezeginde, Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň bu ýurtda geçirilmeginiň guwandyryjy wakadygyny belledi. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy barada aýdyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda hereket edip gelýändigini we ygtybarly kanunçylyk binýadyny döredendigini nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň hödürlän BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ikiýyllyk Kararnamanyň kabul edilmegi bilen hemmeleri gutlap, resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş eden Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Nikaragua, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistana we Özbegistana minnetdarlyk bildirdi hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlaryna mähirli salamyny beýan etdi.
Kararnamada GDA-nyň söwda, ykdysady ösüş, statistik maglumatlary alyşmak, ykdysady maglumat, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ylym we innowasiýalar, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy we tehnogen betbagtçylyklara garşy göreşmek ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alyp barýan işi görkezilýär. Guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna, terrorçylykly hereketlere, ekstremizmiň ýüze çykmalaryna, bikanun migrasiýa garşy göreşmek, şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly beýleki ulgamlardaky işler aýratyn bellenip geçilýär.
Balkan welaýatyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde halkara çäräni ýokary derejede geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabatyny diňläp, işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary depginde dowam etdirmegi tabşyrdy hem-de paýtagta dolanyp geldi.