Mejlise GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesi berildi

Şu gün, 11:15140
1 / 2
19-njy noýabrda Awazada GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda resmi taýdan synçy derejesi berildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlis Parlamentara Assambleýanyň güýzki sessiýasynyň çäginde geçirildi we GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we beýleki birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
16-njy noýabrda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň BMG bilen GDA-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Kararnamasyna aýratyn üns berildi. Türkmenistan bu resminamanyň awtordaşlarynyň biri bolup çykyş etdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi barada hem maglumat berildi. Ýylyň dowamynda ýurt bäş ugur — parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we ulag integrasiýasy, sanlylaşdyrmak, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça 25 sany iri halkara çäräni meýilleşdirdi. Aşgabatda we Awazada GDA-nyň birnäçe pudaklaýyn edaralarynyň mejlisleri eýýäm geçirildi.
Gatnaşyjylar «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatyň jemlerine, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görmek meselelerine we guramanyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna garady.
Mejlisde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň synçy derejesini almagy parlamentara gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak hem-de sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmak üçin goşmaça şertleri döreder.
Şeýle hem Awazada GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýalarynyň mejlisleri geçirildi. Oňa gatnaşyjylar sebitleýin howpsuzlyk, parlament diplomatiýasy, kanun çykaryjylyk babatda özara gatnaşyklar we mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
GDA-nyň parlament düzümleriniň wekilleriniň Hazaryň türkmen kenaryna iş sapary dowam edýär. 20-nji noýabrda «Awaza» toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçiriler.