UEFA Milletler ligasynyň çärýek finalynyň we geçiş duşuşyklarynyň bije çekilişigi geçirildi.
Bu tapgyryň esasy gapma-garşylygy Ispaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy bolar. Şeýle hem çärýek finalda ýaryşyň häzirki çempionlary bolan portugaliýalylar Hawiniň tälimçilik etmegindäki Niderlandlaryň toparyna garşy oýnar.
Çärýek finalyň garşydaş toparlary:
Ispaniýa — Fransiýa;
Norwegiýa — Angliýa;
Niderlandlar — Portugaliýa;
Belgiýa — Germaniýa.
Mümkin bolan ýarym final jübütleri hem belli boldy. Niderlandlar — Portugaliýa duşuşygynyň ýeňijisi Ispaniýa — Fransiýa oýnunda utan topar bilen duşuşar. Belgiýa — Germaniýa jübütiniň ýeňijisi bolsa Norwegiýa — Angliýa duşuşygynda ýeňen topar bilen oýnar.
Ilkinji çärýek final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 25-nji martyndan 27-nji marty aralygynda geçiriler, jogap oýunlary bolsa 28-nji martdan 30-njy mart aralygynda bolar. Ýarym finallar 9-njy we 10-njy iýuna meýilleşdirilýär.
A we B ligalarynyň arasyndaky geçiş duşuşyklarynda şu aşakdaky garşydaşlar emele geldi:
Bosniýa we Gersegowina — Daniýa;
Wengriýa — Serbiýa;
Irlandiýa — Horwatiýa;
Sloweniýa — Wels.
B we C ligalarynyň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyklarda şu toparlar oýnar:
Kipr — Demirgazyk Makedoniýa;
Estoniýa — Rumyniýa;
Farer adalary — Gruziýa;
Belarus — Ysraýyl.
Geçiş duşuşyklarynyň birinji oýny hem 2027-nji ýylyň 25-nji martynda, jogap duşuşyklary bolsa 28-nji martda geçiriler.