ABŞ-nyň Milli howa gullugy San-Fransisko şäherine 1983-nji ýylyň ýanwarynda hasaba alnan taryhy suw joşgunyna meňzeş tebigy hadysanyň howp salýandygyny duýdurdy. Bu barada Bloomberg habar berýär.
Bu hadysanyň has howply bolmagyna sişenbe we çarşenbe günlerinde garaşylýar. Kenarýaka sebitleriň käbirinde suwuň beýikligi 85 santimetre ýetip biler. San-Fransisko we San-Pablo aýlaglarynyň kenarlary üçin duýduryş 23-nji noýabrdan 26-njy noýabrda sagat 16:00-a çenli hereket eder.

1983-nji ýylyň 28-nji ýanwary
Howpuň döremegine deňiz suwunyň adatdan daşary ýokary göterilmegi, güýçli tolkunlar sebäpli daşmagy we onuň ýylamagy netijesinde giňelmegi sebäp bolýar. Çaklamalara görä, sişenbe güni irden San-Fransiskodaky suw ölçeýji nokatda suwuň derejesi 256 santimetre, çarşenbe güni bolsa 262 santimetre ýeter. Taryhy iň ýokary görkeziji 264 santimetre golaý bolup, ol 1983-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda hasaba alnypdy.
Güýçli ýagyşlar suw joşgunynyň möçberini has-da artdyryp biler.
San-Fransiskonyň häkimi Daniel Luri duýduryşyň hereket edýän döwründe ýaşaýjylary halys zerur bolmasa ýola çykmazlygy towakga etdi.