Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini gutlady

Şu gün, 14:17696

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany öz hatynda döwletara gatnaşyklaryň berk binýadyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine ýokary baha berdi. Ol döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýandygyny nygtap, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglygy, bagtyýarlyk we abadançylyk, Katar Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Geçen 30 ýylyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürildi.

2014-nji ýylda Aşgabatda Katar Döwletiniň Ilçihanasynyň we 2023-nji ýylda Dohada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işläp başlamagy bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna itergi berdi.