Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landauwy kabul etdi

Şu gün, 21:461,813
1 / 2

23-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Türkmenistana gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landauwy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Kristofer Landau kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi we ABŞ-nyň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň bu saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda türkmen-amerikan syýasy dialogynyň işjeň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany geçen ýylyň noýabr aýynda «С5+1» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Waşingtona amala aşyran saparyny, şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Florida amala aşyran iş saparyny ýatlap geçdi.

Kristofer Landau Serdar Berdimuhamedowyň Donald Tramp bilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda oňyn netijeleri berýändigini belledi.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça yzygiderli duşuşyklaryň geçirilýändigini nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysallary hökmünde Nicklaus Companies, John Deere, Case New Holland we Boeing ýaly amerikan kompaniýalary agzalyp geçildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Ol Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» energetika, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we emeli aň ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Aşgabat bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyr.

Taraplar bilim, ylym, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Prezident Türkmenistanyň amerikan ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Kristofer Landau türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.