«Barselonanyň» akademiýasy ýaş türkmen futbolçysynyň oýnuna baha berdi

Şu gün, 11:176,610
1 / 4

FIFA-nyň 15 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiren dünýä çempionatynda we festiwalynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň netijeli oýunçysy bolan Artýom Çernowyň çykyşy «Barselona» akademiýasynyň ünsüni çekdi. Bu barada Barça Academy-niň resmi saýtynda aýdylýar.

Türkmenistanyň U15 ýygyndysynyň kapitany Çernow ýaryşda alty gol geçirdi.

Akademiýanyň bellemegine görä, bu ýaryşa gatnaşmak futbolçy üçin diňe bir sport taýdan däl, eýsem şahsy ösüşi babatda-da gymmatly tejribe boldy.

«Onuň ösüşi akademiýanyň halkara derejede çykyş etmäge taýýar futbolçylary ýetişdirmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijesini görkezýär» diýlip, Akademiýanyň beýanatynda bellenilýär.

Artýom Çernow Gyrgyzystandaky Barça Academy Manas akademiýasynda ikinji möwsümini geçirýär. Häzirki wagtda ol akademiýanyň U16 toparynda çykyş edýär.

Geçen möwsümde Çernow «Barselonanyň» dünýäniň dürli ýurtlaryndaky akademiýalarynyň arasynda geçirilýän Barça Academy World Cup ýaryşyna hem gatnaşdy. Bu bäsleşik her ýyl Pasha baýramçylygy döwründe Žoan Gamper adyndaky sport toplumynda geçirilýär.

FIFA-nyň ýaryşy 22–31-nji oktýabr aralygynda Bakuwda 2011–2012-nji ýyllarda doglan futbolçylaryň arasynda 8-e 8 görnüşinde geçirildi. Oňa 189 sany milli ýygyndy gatnaşdy. Ispaniýanyň ýygyndysy birinji, Çehiýa ikinji, Gresiýa üçünji, Paragwaý bolsa dördünji orny eýeledi. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşda 10 duşuşyk geçirip, umumy jedwelde 121-nji orunda ýerleşdi.