«Altyn Asyr» bassyr altynjy gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

25.11.2019, 07:415,432

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bassyr altynjy gezek çempionlyk derejesini gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy saýty belläp geçýär.
Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden “Ahal” “Energetik” bilen deňme-deň (1:1) oýnady.
Paýtagtymyzyň “Köpetdagy” öz meýdanynda “Nebitçiden” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.
Mundan öň, bu toparyň futbolçylary türkmen futbolynyň ýokary diwizionynyň altyn medallaryny 2014, 2015, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda eýeläpdi. Gazanylan çempionlayklarynyň sany boýunça «Altyn asyr» topary «Köpetdag» topary bilen deňleşdi.
2020-nji ýylda «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.