Fati – Çempionlar ligasynyň taryhynda goluň iň ýaş awtory

15.12.2019, 23:292,993

Ansu Fati UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň altynjy turunda «Barselonanyň» «Interi» ýeňmegine ýardam etdi we turniriň taryhynda goluň iň ýaş awtory boldy. Fati özi dünýä inmezinden bäş ýyl öň, 1997-nji ýylda «Rusenborg» bilen oýunda 17 ýaş 195 gün bolan «Olimpiakosanyň» öňki oýunçysy Piter Ofori-Kuaýeniň üstünliginden öňe geçdi.
Özüniň üstünligi bilen Fati Sesk Fabregas we Karim Benzema ýaly ýyldyzlaryň hataryna goşulmagy başardy.
Çempionlar ligasynda goluň iň ýaş awtorlary:
17 ýaş 40 gün: Ansu Fati (“Internasionale” – “Barselona” 1:2, 10-njy dekabr, 2019)
17 ýaş 195 gün: Piter Ofori Kuaýe (“Rusenborg” – “Olimpiakos” 5:1, 1-nji oktýabr, 1997)
17 ýaş 216 gün: Mateo Kowaçiç (“Dinamo” Zagreb – “Lion” 1:7, 7-nji dekabr, 2011)
17 ýaş 218 gün: Sesk Fabregas (“Arsenal” – “Rusenborg” 5:1, 7-nji dekabr, 2004)
17 ýaş 218 gün: Boýan Krkiç (“Şalke-04” – “Barselona”, 1-nji aprel 2008)
17 ýaş 241 gün: Martin Kleýn (“Panatinaikos” – “Sparta” Praga, 27-nji fewral, 2002)
17 ýaş 263 gün: Brel Embolo (“Bazel” – “Ludogores”, 4-nji noýabr, 2014)
17 ýaş 300 gün: Aron Remzi (“Fenerbahçe” – “Arsenal” 2:5, 21-nji oktýabr, 2008)
17 ýaş 322 gün: Karim Benzema (“Lion” – “Rusenborg” 2:1, 6-njy noýabr, 2005)
18 ýaş 44 gün: Aleks Oksleýd-Çemberlen (“Arsenal” – “Olimpiakos” 2:1, 28-nji sentýabr 2011)
(Turniriň diňe esasy tory göz öňünde tutulýar).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.