«Mançester Siti» iki ýyllap Çempionlar ligasyna gatnaşmakdan mahrum edildi

14.02.2020, 21:065,624

UEFA maliýa feýr-pleý düzgünlerini bozandygy üçin «Mançester Sitini» iki ýylap Ýewrokuboklara gatnaşmakdan mahrum etdi. Bu barada Sports.ru saýty habar berýär.
Şeýle hem «Man Sitiniň» UEFA-dan maglumatlary ýaşyrandygy we maliýa feýr-pleý düzgünlerini bozandygy üçin klub 30 million ýewro jerime salyndy.
Klub 2012-2016-njy ýyllarda hasabatlarda sponsorlyk girdejilerini ýokarlandyryp görkezip, lisenziýalaşdyrmak we maliýa feýr-pleýiň düzgünlerini gödek bozupdyr.
Derňew işleri özara gepleşikleriň we resminamalaryň Der Spiegel nemes neşiri tarapyndan 2918-nji ýylyň noýabrynda neşir edilmegi bilen başlandy. Şonda berilýän maglumatlara görä, 67,5 mln funtluk her ýylky howandarlyk şertnamasyny üpjün etmek üçin serişdeleriň esasy bölegi «Mançester Sitiniň» eýesi şeýh Mansur tarapdan gelipdir. Hususan-da, 2015/16-njy ýyllarda 8 mln funt gönüden göni «Etihad» kompaniýasy tarapyndan gelipdir, galan pullar bolsa Mansuryň Abu Dhabi United Group kompaniýasyndan alnypdyr.
«Mançester Siti» bu çözgüdi Sport arbitraž kazyýetinden (CAS) gozgap biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.