UEFA koronawirus zerarly Ýewropa çempionatyny 2021-nji ýyla geçirdi

17.03.2020, 18:504,290

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Ýewropa çempionatyny 2021-nji ýylyň tomsuna süýşürmek hakynda karara geldi, diýip Norwegiýanyň Futbol birleşiginiň metbugat-gullugy habar berýär.
Ýaryş 11-nji iýundan 11-nji iýul aralygynda geçiriler, diýlip beýanatda aýdylýar. Bu çözgüdi UEFA koronawirus zerarly pandemiýa üçin kabul etdi
Ýewropa çempionaty her dört ýyldan geçirilýär. Şu ýyl ol 12-nji iýundan 12-nji iýul aralygynda Ýewropanyň 11 sany döwletinde geçmelidi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.