Ronaldu «Reala» dolanmak isleýär

06.04.2020, 18:429,435

Turiniň «Ýuwentusynyň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Madridiň «Realyna» dolanmak isleýär, diýip Calciomercato salgylanmak bilen soccernews.ru habar berýär.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, ol italýan klubyndaky ýagdaýlardan nägile. Klub COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly girdejileriniň peselmegi sebäpli onuň zähmet hakyny azaltdy. Şunuň bilen baglylykda, portugaliýaly oýunçy «Reala» dolanmak mümkinçiligine seretmekçi bolýar.
Ronaldu «Realdan» «Ýuwentusa» 2018-nji ýylda 117 million ýewro geçdi.
Häzirki möwsümde 35 ýaşly hüjümçi italiýaly klubyň düzüminde ähli ýaryşlarda 32 duşuşyga gatnaşdy, 25 sany pökgi geçirdi we 4 sany netijeli ýardam pasyny berdi. Onuň klub bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.