Çempionlar ligasynyň 2020/21 möwsüminiň toparlaýyn tapgyry 20-nji oktýabrdan bäri başlamaz

21.04.2020, 10:264,586

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) indiki möwsümiň toparlardaky tapgyryny 20-nji oktýabrdan ir başlamagy meýilleşdirmeýär. Bu barada Trend agentligi Football Italia portalyna salgylanyp habar berýär.
Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, koronawirus pandemiýasy zerarly 2019/2020 möwsümiň Ýewrokubok duşuşyklary milli çempionatlar tamamlanandan soň başlanar. 7-nji we 8-nji awgustda Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň galan oýunlary geçiriler. Soňra iki hepdäniň dowamynda çärýek final we ýarym final duşuşyklary geçiriler (duşuşyklar her üç günden geçiriler). Öň habar berlişi ýaly, final duşuşygy 29-njy awgustda geçiriler. «Pari Sen-Žermen» (Fransiýa), «Atalanta» (Italiýa), «Atletiko» (Ispaniýa), «Leýpsig» (Germaniýa) klublary eýýäm çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bellenilişi ýaly, 2-nji we 3-nji awgustda Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler (bu tapgyryň eýýäm 8-den alty oýny oýnaldy), soňra iki ýarym hepdäniň dowamynda klublar finalçylary kesgitlemek üçin her üç günden duşuşyklary geçirerler. 27-nji awgustda bolsa, final oýnalar.
Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň (UEFA) Ýerine ýetiriji geňeşi koronawirus bilen bagly ýagdaýy seljermek üçin mejlis geçirer. Onda Ýewrokuboklaryň galan duşuşyklaryny geçirmegiň senenamasynyň meseleleri maslahatlaşylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.