“Çelsi” iňlis futbol kluby oýunçylar bilen koronawirus pandemiýasy wagtynda aýlyklary 10% kemeltmek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada “Mirror” britan neşiri habar berýär, muny Trend TACC-a salgylanmak bilen ýetirýär.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça, toparyň kapitany Sesar Aspilikueta ýolbaşçylygyň aýlyklary 10% göwrümde kemeltmek boýunça eden teklibini özüniň topardaşlaryna ýetirdi, muňa toparyň oýunçylary razy boldular. Netijede “Çelsi” dört aýyň içinde $12,5 mln tygşytlar. Bellenilip geçilişi ýaly, “Çelsiniň” tälimçisi Frenk Lempard pandemiýa döwründe özüniň aýlygynyň 25%-inden meýletin ýüz öwürdi.
Angliýanyň çempionaty koronawirus pandemiýasy sebäpli 13-nji martda saklanyldy we oýunlar näbelli möhlet bilen soňa goýuldy. Ýöne klublaryň birinjiligiň galan oýunlaryny tamamlamalydygy bellenilýär. Ýöne toparyň wekilleriniň maslahatynda möwsümi tamamlamagyň ahyrky senesi maslahatlaşylmady, bu sorag 30-njy iýuna goýuldy.
Soňky maglumatlar boýunça, dünýäde koronawirus bilen 2,2 mln adam kesellän, 150 müňden gowrak ölüm hasaba alnan.
“Çelsi” toparyň futbolistleri bilen pandemiýa wagtynda aýlyklary kemeltmek barada ylalaşdy
22.04.2020, 23:433,321