Ýewropa awtosenagaty bir aý hereketsizlikden soň ýokary howpsuzlyk şertlerinde önümçilige dolanýar, bu barada Euronews habar berýär. Renault kompaniýasynyň topary Fransiýanyň Le-Man şäherindäki kärhanasyny açdy. Öň, Renault-nyň Rumyniýada ýerleşýän Dacia konweýeri işe girizilipdi. Italiýadaky Ferrari kärhanasynda 4000 sany işgär yzygiderli medisina gözegçiliginden geçýärler. Wengriýadaky Suzuki kärhanasy özüniň işini öňümizdäki hepdede dikelder.
Toyota-nyň Fransiýadaky kärhanasynda işçiler öň sargyt edilen 35 müň awtomobiliň önümçiligine başladylar. Kärhananyň işgäri Marion Makrez şeýle belleýär: “Öň işçiler ýüzbe-ýüz durýardylar. Biz bir metr aralygy saklar ýaly we hemmeler üçin zähmet şertlerini howpsuzlandyrar ýaly gorag barýerlerini oturtdyk”.
Ýewropada önümçilik togtadylandan soň awtomobil kärhanalarynda 1 mln töweregi adam işden çykaryldy ýa-da gysgaldylan iş grafigine geçirildi, bu işçileriň üçden bir bölegi. Umuman alanyňda, önümçiligiň ýitgisi 2 mln ulag serişdelerinden gowrak diýlip kesgitlenilýär.
Ýewropa awtobazarynda satuw geçen aýda 55% pese gaçdy, Fransiýada bu görkeziji 72,2%-e barabar boldy.Şeýle fonda Volkswagen nemes awtokonserniniň hem kärhanalary tapgyrlaýyn açylyp başlandy, onuň Seat ispan bölümçesinde 15 000 işgär işe başlamazdan ozal koronawirus üçin testden geçiriler.
Ýewropanyň awtomobil senagaty durgunlykdan çykýar
26.04.2020, 08:076,418