«Mançester Siti» çykdajylary boýunça APL-nyň klublarynyň reýtinginde birinji

09.06.2020, 14:343,733

«Mançester Siti» iňlis futbol kluby £601 mln çykdajy bilen reýtingde birinji orny eýeledi. Ikinji orunda «Mançester Ýunaýted» (£484 mln), üçünji orunda bolsa, «Arsenal» (£267) klublary gelýär, diýip russian.rt.com saýty habar berýär.
Çykdajylary boýunça «uly altylygyň» klublarynyň arasynda «Çelsi» 13-nji orunda (£115 mln), «Liwerpul» - 14-nji ýerde (£107 mln), «Tottenhem» 15-nji ýerde (£106 mln) ýerleşdi.
Mundan öň, APL 2-nji iýula çenli geçiriljek duşuşyklaryň tertibini tassyklapdy.
APL hem dünýädäki beýleki köp snly sport ýaryşlary ýaly, koronawirus pandemiýasy zerarly wagtlaýyn saklanypdy. Arakesmä çenli 38 oýundan 29 tapgyr oýnalypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.