Pandemiýa dünýäde kompýuter satuwynyň 11% ýokarlanmagyna getirdi

11.07.2020, 11:204,474

2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde kompýuter satuwy 72,3 million enjam boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,2% köpdür, bu barada 9-njy iýulda analitik kompaniýa bolan International Data Corporation (IDC) habar berdi diýip, regnum.ru ýazýar.

Tehnikalaryň, esasanam, noutbuklaryň satuwynyň köpelmegine köp ýurtda izolýasiýa düzgüniniň girizilmeginiň sebäp bolandygy bellenildi.
Häzirki wagtda satuw taýdan birinji orny 18,1 million enjam satan HP görkezdi, ikinji orny - 17,4 million kompýuter bilen Lenovo, üçünji orny bolsa 12.0 million enjamy bilen Dell Technologies eýeledi.
Mundan ozal IDC dünýäniň elektron enjamlary bazarynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda düýpli haýallamagyna garaşýandygyny habar beripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.