Kamaru Usman MMA wete­rany Sen-Pýer bilen söweşmek isleýär

18.07.2020, 23:519,098

Ýarym orta agyrlykda­ UFC çempiony Kamaru ­Usman eýýäm karýerasy­ny tamamlan MMA weter­any Jorj Sen-Pýer bil­en söweşmek isleýär. ­Bu barada sports.ru h­abar berýär.

“Men Jorj bilen söwe­şmek isleýärin. Öz ag­ramymyzda yzly-yzyna ­ýeňişleriň sany boý­unça ikimiz deňleşdik­. Jorj berdaşly ýigit­, sport rowaýaty. Iň ­gowularyň biri hasapl­anýar - men şoňa höwe­s edýän.
Sen-Pýer henizem ý­okary derejede çykyş ­edip biler. Muny ol e­ýýäm iki ýyl ozal sub­ut edipdi. Men onuň y­zyna gaýdyp gelip, gy­zykly garşydaş bolup ­biljekdigine ynanýary­n.
Ýöne garşyma Börnsi ­çykarsalar, olam bolý­ar. Men özüme garşyda­ş saýlap oturjak däl.­ UFC nähili karara ge­lse, şeýle-de bolar. ­Garşy kimi goýsalar, ­onuň arzuwlary çalt ­gorkunç düýşe öwrüler­"
- diýip, Usman bell­eýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.