Nurmagomedow dosty Daniel Kormýä çempionlyk duşuşygynda üstünlik arzuw etdi

02.08.2020, 16:2123,517

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) russiýaly wekili Habib Nurmagomedow Stipe Mioçiç bilen çempionlyk ugrunda göreşjek dosty Daniel Kormýä üstünlik arzuw etdi. Bu barada Ria Nowosti agentligi habar berýär.

15-nji awgustda agyr agramda geçiriljek bu söweş UFC 252 ýaryşynyň öňüni çeker. Ozal türgenler iki gezek duşuşdylar we çempionlyk guşagyny biri-birinden alyp, gezekleşip ýeňýärdiler. Çempionlyk guşagynyň häzirki eýesi — Mioçiç.

Nurmagomedow öz Instagram sahypasynda Kormýeniň we toparynyň suratyny ýerleşdirip:

"Dogan, öňe hem-de üstünlik! Örän gowy garşydaş bilen boljak söweşiňden öň gaty tolgunýaryn. Bu ýigitleriň seni ýagşyja "işletjekdigine" ynanýaryn" - diýip ýazdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.