Poçettino “Barselonanyň” tälimçisi wezipesine esasy dalaşgär

05.08.2020, 15:417,472

Londonyň “Tottenheminiň” öňki tälimçisi Maurisio Poçettino katalon “Barselonasynyň” baş tälimçisi wezipesine esasy dalaşgär boldy. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, Rambler internet-portaly habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlary boýunça, katalonlylaryň häzirki tälimçisi Kike Setýen Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp bilmese, onda klubyň ýolbaşçylygynyň ony işden çykarmagy ähtimal.
Ýatlap geçsek, Poçettino öz wagtynda “Barselonanyň” esasy garşydaşy bolan “Espanýoly” türgenleşdirdi, şondan soň hiç bir ýagdaýda-da “Kamp Nouda” işlemejegini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.