«Real» «Mançester Sitä» garşy düzümini kesgitledi

07.08.2020, 07:3810,044

Madridiň "Realynyň" tälimçiler düzümi Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda "Mançester Siti" bilen boljak jogap oýnuna çagyrylan oýunçylaryň sanawyny kesgitledi.

Sanawda 23 futbolçy bar. Olaryň arasynda oýundan çetleşdirilen Serhio Ramos we Garet Beýl ýok.
Derwezebanlar: Kurtua, Areola, Altube;
Goragçylar: Karwahal, Militao, Waran, Marselo, Naço, Mendi, Hernandez;
Ýarymgoragçylar: Kroos, Modriç, Kasemiro, Walwerde, Isko;
Hüjümçiler: Azar, Benzema, Ýowiç, Waskes, Asensio, Diaz, Winisius, Rodrigo.
"Siti" - "Real" oýnunyň 8-nji awgustda Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da boljakdygyny ýatladýarys. “Santýago Bernabeu”-daky ilkinji duşuşyk “şäherlileriň” 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.