Umtitiniň koronawirus barlagy položitel bolup çykdy

17.08.2020, 14:159,369

«Barselonanyň» goragçysy Samýuel Umtitiniň koronawirus üçin barlagy položitel bolup çykdy diýlip, ispan futbol klubynyň saýtynda habar berilýär.

Oýunçyda alamatlaryň ýokdugy, onuň çetleşdirilendigi we öýünde bolýandygy bellenilýär.

«Klub saglygy goraýyş organlaryny we degişli sport edaralaryny habardar etdi, şeýle-de klub oýunçy bilen gatnaşyk eden ähli adamlary, olar hem degişli barlaglary tabşyrar ýaly gözegçilikde saklaýar» – diýlip, klubyň habarnamasynda aýdylýar.

Öň, koronawirus bilen «Barselonanyň» başga bir oýunçysynyň, ýagny goragçy Žan-Kler Todibonyň keselländigi belli boldy.
Belläp geçsek, Umtiti «Barselona» heniz «Bawariýa» bilen Çempionlar ligasynyň çärýek finalyndan duşuşmanka çetleşdirilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.