Anri — «Barselonanyň» baş tälimçiligine dalaşgärleriň sanawynda

16.08.2020, 14:088,469

Barselonanyň öňki futbolçysy Týeri Anri Katalon toparynyň baş tälimçiligine dalaşgärleriň sanawyna girýär diýip, "Diario Sport" habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda katalon kluby "Bawariýadan" 2:8 hasabynda utuldy, şondan soň toparyň ýolbaşçylary "Barselonanyň" häzirki tälimçisi Kike Setýeni işden aýrar.
Anri "AS Monakoda" işledi, ýöne ol bu ýerde üýtgeşik bir üstünlik gazanyp bilmedi. Häzir bolsa ol "Monreal Impact"-e ýolbaşçylyk edýär. "Barselonanyň" baş tälimçisiniň wezipesine Hawi bilen Maurisio Poçettinonyň hem dalaş edýändigini bellemelidiris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.