Ilon Mask bir günde tas 10 milliard dollar baýady

18.11.2020, 23:4114,231

Elektromobilleriň önümçiligi boýunça Tesla kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask bir günde tas 10 milliard dollar baýady. Muny Forbes Real-Times reýtinginiň maglumatlary delillendirýär. Häzir onuň baýlygy 99,3 milliard dollar bilen bahalandyrylýar diýip, lenta.ru habar berýär.

Bu 17-nji noýabrda bazaryň dowamynda 9 göterimden gowrak ýokarlanyp, her paýnama üçin 444,47 dollara barabar bolan Tesla paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Forbes Real-Times reýtinginde Mask bäşinji orunda ýerleşýär.

Tesla paýnamalary kompaniýanyň dekabr aýynda S&P 500 indeksine – ABŞ-nyň fond biržalarynda söwda edýän 505 sany saýlama kompaniýalaryň sanawyna girjekdigi baradaky habardan soň gymmatlady. S&P Dow Jones Indices awtoöndüriji täze uly gaznalardan pul ýygnap, birden gymmatlap biler diýip çaklaýar.

Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 440%-den gowrak gymmatlady. Häzir kapitaly 380 mlrd dollardan geçýän Tesla dünýäniň iň gymmat awtoulag öndürijisidir we indeksde görkezilen iň uly kompaniýalaryň biridir.

Amerikan kompaniýasy Tesla Motors 2003-nji ýylda elektromobilleri we şolar bilen bagly tehnologiýalary işläp düzüji hem-de öndüriji hökmünde esaslandyryldy. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherinde ýerleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.