Gurban Berdiýew SSKA klubuna baş tälimçi bellenip biler

16.12.2020, 22:1212,413

Rubiniň” öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew ýakyn wagtda SSKA (“ЦСКА”) ýolbaşçylyk edip biler diýip, matchtv.ru habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Moskwa klubynyň prezidenti Ýewgeniý Giner 68 ýaşly hünärmen bilen şertnama baglaşmaga ýakyn.
Eger-de Berdiýew SSKA ýolbaşçylyk etse, onuň öňünde kluby Çempionlar ligasyna gaýtaryp getirmek wezipesiniň goýuljakdygy bellenilýär.
Kluba baş tälimçi wezipesine bellenilen ýagdaýynda Berdiýew “Rubindäki” ýaly ýylda 3 million ýewro alar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.