Son Hyn Min 2020-nji ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň Puşkaş baýragyny aldy

18.12.2020, 22:036,595

“Tottenhem Hotspur” toparynyň hüjümçisi Son Hyn Min Halkara futbol federasiýasy tarapyndan iň owadan gol üçin berilýän Puskaş baýragyny aldy.

Son özüniň baýraga mynasyp bolan goluny Angliýanyň çempionatynyň 16-njy aýlawynda 2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda geçirilen "Börnlä" garşy oýunda geçiripdi. Oýunda hasap heniz 2:0 mahaly koreýaly oýunçy öz ýarym meýdançasynda topy saklady we şol ýerden hem garşydaşyň derwezesine tarap okduryldy.
Şonda Son alty sany garşydaşyny aldap geçdi ýekme-ýek pursata çykdy. Duşuşyk jemi 5:0 hasabynda tamamlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.