Ispaniýanyň Super Kubogynyň finalynda «Barselona» «Atletik» bilen duşuşar

15.01.2021, 13:598,270

Ispaniýanyň Super Kubogynyň Kordobada geçirilen ýarymfinal duşuşygynda katalonlylaryň «Barselonasy» penalti tapgyry arkaly «Real Sosýedaddan» (1:1, 3:2 penalti boýunça), bilbaoly «Atletik» bolsa Malagada «Madridiň «Realyndan» (2:1) üstün çykdy.

Şeýlelikde, Super Kubogyň final duşuşygynda 17-nji ýanwarda «Atletik» «Barselona» bilen duşuşar.
Ýatlap geçsek, «Real» bu baýragy almak üçin ýaryşa La Liganyň ýeňijisi, «Barselona» bolsa wise-çempion hökmünde gatnaşýardy. «Real Sosýedad» bilen «Atletik» bolsa, Ispaniýanyň Kubogynyň heniz geçirilmedik finalynyň gatnaşyjylarydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.