Dünýäde nebitiň bir barreli 60 dollara çenli gymmatlady

10.02.2021, 10:477,152

«Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndan bäri ilkinji gezek 60 dollardan ýokary geçdi. Bu barada söwda maglumatlaryna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

Söwdanyň başynda “Brentiň” bahasy 0,77% ýokarlanyp, bir barreli 60.01 dollara, "WTI-niň" bahasy bolsa 1,18% ýokarlanyp, bir barreli 57.53 dollara deň boldy.
Dünýädäki ykdysady ýagdaýyň durnuklaşmagy we dürli ýurtlar tarapyndan koronawirusa garşy sanjymlaryň ýuwaş-ýuwaşdan bellige alynmagy «gara altynyň» bahasynyň barha ýokarlanmagyna getirýär. Şeýle hem OPEK+ ýurtlarynyň nebit çykarmagy azaltmak baradaky şertnamalary ýerine ýetirmegi hem muňa çynlakaý goldaw berýär. Ýeri gelende bellesek, şertnamanyň şertleri fewral aýynda berjaý edilip başlandy, oňa laýyklykda, käbir ýurtlar önümçiligi hasam azaltdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.