Çimaýew bilen Edwardsyň arasyndaky söweş üçünji gezek yza süýşürildi

13.02.2021, 16:598,988

Asly çeçen gelip çykyşly şwesiýaly söweşiji Hamzat Çimaýew bilen britaniýaly Leon Edwardsyň arasynda 14-nji marta UFC turnirinde meýilleşdirilen söweş yza süýşürildi, diýip sport-express.ru habar berýär.

UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt ESPN teleýaýlymyna beren interwýusynda Çimaýewde koronawirus keseliniň fiziki täsiriniň galandygyny aýtdy. Bu söweş eýýäm üçünji gezek yza süýşürilýär. Ilkibaşda söweşijiler 19-njy dekabrda söweşmelidiler, ýöne Edwards Covid-19 üçin položitel barlag berdi. 20-nji ýanwarda Çimaýew barlagdan položitel netije alandygy üçin söweş geçirilmedi.
26 ýaşly Çimaýew 9 söweşde 9 ýeňiş gazandy. Ol UFC-de üç söweş geçirip, olaryň ählisinde möhletinden öň ýeňiş gazandy. 29 ýaşly Edwardsyň hasabynda 18 ýeňiş (olaryň 6-sy nokaut bilen) we 3 ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.