Türkmenistanda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşany tanyşdyryldy

22.02.2021, 16:1412,402

2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşany tanyşdyryldy. Ol «7/24.tm» elektron neşirinde çap edildi.

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň şekilinde türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak hem-de alaja milli nagyşlaryndan ugur alnyp, olaryň döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşi öz beýanyny tapypdyr.
Ýatlatsak, çempionat şu ýylyň 13 ― 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.