Sambo boýunça Aziýa çempionaty Daşkentde geçiriler

14.03.2021, 12:186,770

Sambo boýunça Aziýa çempionaty şu ýyl 4 – 6-njy iýunda Daşkentde geçiriler. Degişli karar mart aýynyň başynda geçirilen Aziýanyň Sambo bileleşiginiň onlaýn duşuşygynda kabul edildi. Ýaryşy geçirmek hukugy Indoneziýadan Özbegistanyň paýtagtyna geçirildi diýip, sambo.sport habar berýär.

«Aslynda, bu ýaryş Indoneziýada geçirilmelidi, ýöne şu ýyl kenarýaka oýunlary bilen baglanyşykly ony başga ýurda geçirmek kararyna gelindi. Netijede, Özbegistanyň Sambo assosiasiýasynyň Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky arzasy kabul edildi” – diýlip, Özbegistanyň Sambo assosiasiýasynyň habarynda aýdylýar.

Mundan öň kontinental sambo çempionaty Daşkentde 2017-nji ýylda geçirilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.