Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

04.04.2021, 11:529,478

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif geljek hepdede Merkezi Aziýa döwletlerine saparynyň çäginde Türkmenistana geler — diýip IRNA agentligi habar berýär.

Eýranyň DIM-niň resmi wekili Said Hatibzadeniň habar berşi ýaly, Mohammad Jawad Zarif 5-8-nji aprel aralygynda 4 sany Merkezi Aziýa döwletlerine — Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we Türkmenistana barar. Bu saparlar ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.