Hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

10.04.2021, 07:5411,048

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady. Degişli Karara döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.