«Türkmenaragatnaşyk» RF-niň kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar

17.04.2021, 12:0114,603

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (Billing) ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary we programma üpjünçiliklerini satyn almak, getirmek, gurnamak hem-de tehniki goldawy bermek barada Russiýa Federasiýasynyň «Eastwind» ýapyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşar.

Munuň üçin degişli ygtyýar berýän resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.