Arina Sobolenko - Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi

10.05.2021, 12:334,740

Madridde geçirilen WTA 1000 ýaryşynda belarusly tennisçi Arina Sobolenko ýeňiji boldy. Şunlukda, ol öz karýeradaky 10-njy titulyny eýeledi.

Final oýnundaky birinji setde Sobolenko dünýäniň birinji raketkasy Eşli Bartini hiç hili mümkinçilik galdyrman, 6:0 hasabynda ýeňdi. Awstraliýaly tennis ussady 2017-nji ýylyň awgust aýyndan bäri ilkinji gezek 0:6 hasabynda utuldy, şonda ol Torontoda geçirilen ýaryşda awstraliýaly Garbinýe Mugurusa garşy oýunda ýeňlipdi.
Ikinji tapgyrda Barti üstün çykdy. Jemleýji setde Sobolenko 4:4 hasabynda breýk aldy we duşuşygy ýeňiş bilen tamamlady. Duşuşyk 1 sagat 41 minut dowam etdi.
23 ýaşly Sobolenko üçin bu ýeňiş karýerasy boýunça WTA-nyň ýaryşlaryndaky onunjy we möwsümdäki ikinji üstünlik boldy. Ýanwar aýynda ol finalda russiýaly Weronika Kudermetowany ýeňip, Abu Dabide ýeňiş gazandy. Aprel aýynda bolsa Sobolenko Ştutgartda geçirilen finalda oýnap, Bartiden ýeňlipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.