Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri birek-biregi Oraza baýramy bilen gutladylar

14.05.2021, 18:194,263

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew söhbetdeşligiň barşynda özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi aýdyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.