Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy

04.06.2021, 16:3428,362

4-nji iýunda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SHYF-2021) çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Sank-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi.

Sankt-Peterburg şäherinde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar Sankt-Peterburgyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, şol sanda senagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

«Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Biz 2020-nji ýylda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasy” bilen bir hatarda birnäçe möhüm resminama gol çekdik. Şeýle hem, 2025-nji ýyla çenli döwür üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyna hem gol çekildi” diýip, Aleksandr Beglow belledi.

“SHYF-2021” 2-5-nji iýun aralygynda geçirilýär. “Expoforum” sergi we maslahatlar merkezinde 4 günüň dowamynda ykdysadyýetiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşylýar. Foruma döwlet edaralarynyň hünärmenleri, iri kompaniýalaryň, korporasiýalaryň we banklaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.