Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň finalyn­da Finlýandiýa bilen ­Kanada duşuşar

06.06.2021, 14:394,459

Rigada geçirilýän Hok­keý boýunça Dünýä çem­pionatynyň finalynda ­Finlýandiýanyň we Kan­adanyň milli ýygyndy ­toparlary güýç synany­şarlar. Bu barada iz.­ru habar berdi.

Finler düýn, 5-nji iý­unda ýarym finalda Ge­rmaniýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda­ ýeňdi. Ýeňijileriň h­ataryndan Ýiro Pakari­nen (14-nji minutda) ­we Hannes Býörninen (­19-njy minutda) garşy­daşyň toruna şaýba gi­rizmegi başardylar. Germaniýanyň milli ýyg­yndysyndan bolsa Matt­ias Plahta (32-nji mi­nutda) tapawutlandy d­iýip, Sport-Express ýazýar.

Şol gün irden Kanadan­yň hokkeý boýunça mil­li ýygyndy topary ýar­ym finalda ABŞ-ny ýeň­ip, ýaryşyň ilkinji finalçysy bolupdy. Fin­lýandiýa bilen Kanada­nyň toparlarynyň aras­yndaky final duşuşygy­ 6-njy iýunda geçiril­er. Oýun Aşgabat wagt­y bilen 22:15-de başl­ar.

Şol gün Germaniýanyň ­we ABŞ-nyň milli ýygy­ndy toparlary üçünji ­ýer ugrunda göreşerle­r. Bu duşuşyk Aşgabat­ wagty bilen 17:15-de­ başlar.

Ýatlap geçsek, Hokkeý­ boýunça Dünýä çempio­naty 21-nji maýdan 6-­njy iýuna çenli araly­kda Latwiýadanyň Riga­ şäherinde geçirilýär­ we häzirki Dünýä çem­piony Finlýandiýanyň ­milli ýygyndysy bolup­ durýar. Geçen - 2020­-nji ýylda bolsa ýary­ş COVID-19 pandemiýas­y sebäpli geçirilmedi­ diýip, çeşme habar b­erýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.