«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi

10.06.2021, 21:222,798

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy. Türkmen Lideriniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eserinde umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.